19 Fewral 2019, 16:25
  • Zarif:Eýran Hytaý bilen iň möhüm strategik gatnaşyklardan paýlydyr

Eýranyň daşar işler ministri Muhammet Jawad Zarif Hytaýly kärdeşi Waň ýi bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähmiýetine yşarat edip Eýran Hytaý bilen iň möhüm strategik gatnaşyklardan paýlydyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşar işler ministri Muhammet Jawad Zarif Pekinde Waň Ýi bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijaniň ýolbaşçylygyndaky toparyň Hytaýa gurnan saparyny Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklarynda täze başlangyç hasaplamak bilen Eýranyň daşary syýasatynda Hytaý ýokary orna eýedir diýip yglan etdi.

Zarif şeýle-de Ali Larijaniň ýolbaşçylygyndaky topar bilen bilelikde Pekine sapar edenligini aýtmak bilen bu sapar Tehranyň Pekine bolan strategik garaýşyny mälim edýär diýip sözüne goşdy.

Hytaýyň daşary işler ministri Waň Ýi hem bu duşuşykda Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň ýokary ähmiýete eýedigini aýtdy.

Tag

Teswirler