18 Mart 2019, 19:38

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanlar Eýran yslam respublikasyna urgy urmak ugurda bar güýjünden peýdalanyp durandyrlar emma hiç haçan maksatlaryna ýetmezler diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani döwlet toparynyň maslahatynyň soňunda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerikalylar Tehrana gelip Eýran milletine musallat boljak bolýandyrlar emma Eýranyň çydamly we söweşiji milleti bu işi etmäge duşmanlara rugsat bermez diýip beýan etdi.

Ruhani sözüniň dowamynda Amerikalylar delilsiz ýadro ylalaşygynda çykandyrlar we özleriniň aýdyşyna görä Eýrana garşy iň agyr gadaganlyklary ýola berdiler diýmek bilen duşmanlar gadaganlyklary dowam etdirmek bilen Eýrana gaýdyp gelip başarlarmyka diýýärler emma bu zat mümkin däldir diýip nygtady.

Amerikanyň  Eýran milletine garşy gadaganlyklary umum adamzada garşy jenaýatdyr oňa görä Tehran döwleti Amerika garşy arza gozgajakdyr diýip prezident Hasan Ruhan yglan etdi.

Tag

Teswirler