21 Mart 2019, 23:35

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Ýadro ylalaşygy baradaky Ýewropalylaryň borçlary bilen edýän işleriniň arasynda ýer bilen gög arasy ýaly tapawut bardyr diýmek bilen Ýewropalylar ýadro ylalaşygynda arkadan hanjar urdylardiýip nygtadylar.

şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri hijri şemsi senesi boýunça täze ýylyň birinji gününde Maşat şäherinde Ymam reza(a.s)iň zyýaratyna gelen ilatyň arasynda eden çykyşynda Eýran bilen 6 ýurdyň arasynda gol çekilen ýadro ylalaşygynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra Ýewropalylar Amerikanyň garşysynda durmalydylar we öz ygrarlarynda durmak bilen gadaganlyklary aýyrmalydylar emma  şu wagta çenli öňünde durmadylar, olar mydama Eýranyň ýadro ylalaşygynda galmagyny tabşyrýandyrar emma mal ýüzünde özleri ýadro ylalaşygyndan çykandyrlar sebäbi Eýrana garşy täze gadaganlyklary ýöridendirler diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Eýran bilen Ýewropanyň arasyndaky maliýe kanala yşarat edip bu maliýe kanal ajy degişmä meňzeşdir we manysyzdyr diiýp beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de ykdysay öňüni alyş tapgyra ýetmegiň ýekeje ýoly günbataryň kömeginden we hemralyk etmeginden tamaňy üzmekdir diýmek bilen taryhy tejribeler we günbataryň boluşlary baradaky şaýatlyklar olaryň dönüklik etmegine we arkadan hanjar urmagyna garaşyp bolýanlygyny emma kömeklerine garaşyp bolmaýanlygyny belli etdi diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri 1398-nji ýyly pursatlaryň ýyly hasaplamak bilen elbetde biz ykdysady uruşda duşmany şowsuzlyga uçratmalydyrys we allanyň towpyk bermegi bilen duşmany ýeňeris emma bu kanagatlandyryjy däldir belkide öňüni alyş çäreleri döretmelidiris diiýp beýan etdiler.

Teswirler