09 Aprel 2019, 13:49
  • Eýran, Amerikanyň sebitdäki harbylaryny terrorçy topar adynda yglan etdi

Eýran Yslam respublikasynyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşi Aziýanyň günbataryndaky Amerikanyň harbylaryny we oňa garaşly toparlary terrorçy adynda yglan etdi.

duşenbe güni Eýran Yslam respublikasynyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşi bir beýannama boýunça Eýranyň Sepah Pasdaranyny terrorçy topar adynda yglan etmek baradaky Amerika döwletiniň bikanun we howply  tutumyny ýazgarmak bilen Eýran yslam respublikasy Amerika döwletini terrorizmiň hemaýatçysy we Aziýanyň günbataryndaky Amerikanyň harbylaryny we oňa garaşly toparlary terrorçy hasaplaýandyr diýip yglan etdi.

bu beýannamanyň dowamynda Amerika we onuň sebitdäki ýaranlaryna garamazdan Eýran Yslam respublikasynyň Sepah Pasdarany sebitde terrorizme we ekstremizme garşy göreşmegiň baş hatarynda durandyr we Alkaida, DAEŞ, Alnosra we başga terrorçy toparlara garşy göreşmek ugurda Sepah Pasdaranyň bitiren işleri mydama sylaga sezewar bolandyr diýip nygtalandyr.

Eýran Yslam respublikasynyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşi ýaňky beýannamada şeýle-de bu jenjel dörediji tutumyň yzy gelimleriniň jogapkäri Amerikadyr diýmek bilen Eýranyň Sepah Pasdaranyny terrorçy topar adynda yglan etmek baradaky Amerika döwletiniň bikanun we howply  tutumy sebite we halkara amanlygyna abandyrlan uly howpdyr şeýle-de halkara hukukyna we BMG-niň jarnamasyna garşy hereketdir diýip nygtap geçendir.

Tag

Teswirler