24 Aprel 2019, 13:41
  • Zarif:Amerika gepleşiklerde ynam ederlik tarap däldir

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif düýn Nýu-Ýorka baran mahaly habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde gepleşiklerde Amerika döwletiniň sözüne ynam edip bolmaýar diýdi.

Muhammet Jawad Zarif Amerikalylar halkara kanunlary hatda özleriniň mundan ozal ýeten kararlaryna hem hormat goýýan däldirler diýip nygtady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,halkara aragatnaşyklarda ozalky ylalaşyklara we peýmanlara ykrarly bolmaklyk esas bolup durýandyr oňa görä Amerikalylar hem halkara ykrarlara we Eýranlylara hormat goýmalydyrlar diýip Zarif aýtdy.

Zarif Eýran milleti hiç haçan zora boýun egen däldirler we egmezler diýmek bilen Amerikalylar Eýran milletine hormat goýup gepleşmelidirler diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda kä ýurtlaryň Eýrandan nebit satyn almaklary barada Waşingtonyň olara beren möhletiniň ýatyrylmagyna hem yşarat edip elbet-de Eýran Yslam Respublikasy bu meselede Amerikanyň möhlet bermegine ýa-da beren möhletini ýatyrmagyna asla ähmiýet berýän däldir diýip nygtady.

Amerika döwleti möhlet berer ýaly ýa-da ony ýatyrar ýaly dünýäniň polisiýasy däldir diýip Zarif sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Aziýanyň günbatar sebitinde Amerikanyň dartgynlylyk dörediji hereketlerine yşarat edip Waşington we onuň sebitdäki ýaranlary şol sanda Saud Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sebitde ekstremistleri we terrorçylary goldaýandyrlar diýip yglan etdi.

Teswirler