24 Aprel 2019, 17:03
  • Ruhani:Amerikanyň Eýran milletine garşy pitneleri şowsuzlyga uçrajakdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikalylaryň geçen 40 ýylyň boýunda Eýran milletine garşy ýola beren ähli duşmançylykly pitneleriniň şowsuzlyga uçranlygyny nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şu gün döwlet toparynyň maslahatynda eden çykyşynda Amerikanyň şu güne çenli halkara,sebitleýin,syýasy we propaganda sahnalarda Eýrana garşy ýola beren işlerinde şowsuz bolandygyna yşarat edip Eýran milletiniň Amerikanyň bikanun we zorlukly işleriniň garşysynda durjakdygyny aýtdy.

prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň Amerikany özüniň zalymlykly we bikanun işlerinden puşman etjekdigini aýdyp ädim ädim Eýran milletine basyş berjek bolýan elgatyjy ýurda ýalňyş ýoly saýlandygyny düşündirmelidiris diýdi.

preziden Hasan Ruhani sözüniň ýene bir bölüminde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň nebit eksportyny nola ýetirmek baradaky tutumynyň amala aşyp bilmejek işdigini aýdyp Eýran geregine görä dürli ýollardan nebitini satjakdyr diýip yglan etdi.

döwlet baştutanymyz şeýle-de Eýranyň nebit eksportyna berilen möhletiň Amerika tarapyndan ýatyrylmagy bilen sebitiň kä ýurtlarynyň hemralyk etmeklerine yşarat edip Saud Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleriniň dowamaty Eýranyň akylly paýhasly tutumynyň saýasynda dowam edendir sebäbi Yragyň ýok bolan diktatory Saddamyň garşysynda Eýran Yslam Respublikasy durman bolsady ol Riýad we Abu-Dabini basyp alardy diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Tehranyň özüniň goňşy ýurtlarynyň köpüsi  bilen saklaýan gowy gatnaşyklaryna yşarat edip Amerikany Eýrana garşy maksatlary ugurynda goldaýan sebitiň kä ýurtlary bilip goýsun-lar Donald Trampyň döwüri geçip gutarjakdyr we hemişelik galjak Eýran Yslam Respublikasydyr diýip sözüne goşdy.

Tag

Teswirler