24 Aprel 2019, 17:47
  • Mertebesi belent ýolbaşçy:nebit meselesinde Amerikanyň edýän duşmançylykly işleri jogapsyz galmaz

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy duşmanyň Eýran milletini dyza çökertjek bolup ykdysady basyşlara ýüzlenmegine yşarat edip emma duşman bilmelidir Eýran milleti hergiz dyza çökmez we gadaganlyklaryň döretýän pursatlaryndan peýdalanyp ýurdy gülledip ösdürmek ugurda tagalla eder we Amerikanyň bildirýän duşmançylykly işlerini hem jogapsyz goýmaz diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatollah Hameneýi hezretleri şu gün iş we işçiler hepdesiniň başlanmagy bilen zamandaş dürli senagat bölümlerde zähmet çekýän işçileriň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýranyň eksport edýän nebitiniň öňüni almak ugurda Amerikanyň edýän tagallalaryna yşarat edip Eýranyň zähmet söýer milleti we akylly jogapkärleri yrada etseler her bir böwedi böwsüp geçjekdiklerini subut edendirler we bu meselede hem Amerikalylaryň edýän tagallalaryny hökman netijesiz bolar we Eýran Yslam Respublikasy yrada eden ýagdaýynda islän möçberinde öz nebitini eksport etjekdir diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de Amerikanyň nebit meselesinde Eýrana berýän basyşlary bilen baglanşykda ýene bir nokady ýatladyp Eýranyň nebite bolan baknalygynyň kemelmegi bir hilli pursatdyr we bu meseleden özümiziň içgi ukyplarmyza daýanmak ugurda haýyrlanmalydyrys diýip aýtdylar.

Aýatollah Hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda Sionist režiminiň we Amerikanyň orundarlarynyň ileri sürýän toslamalaryna salgylanyp olar biz Eýranyň yslamy düzgüni bilen duşmançylyk edýäris we Eýran milletine duşmançylyk edmeýäris diýip toslaýarlar emma olaryň Eýran Yslam Respublikasy bilen duşmançylyk etmekleri şol Eýran milletine duşmançylyk etmek manysyndadyr sebäbi Eýranyň Yslam Respublikasy düzgüni ilatyň kömegi bilen aýagynyň üstünde durandyr we ilatyň kömekleri we goldawlary bolan bolsady Yslam Respublikasy düzgüni hem bolmazdy diýip nygtadylar.

Teswirler