24 Aprel 2019, 22:20
  • Arabystanda 37 adamyň öldürilmegine Trampyň sessiz galmagyna Zarif tankyt bildirdi

Eýranyň daşary işler ministri Arabystanda 37 adamyň başlarynyň kesilmegine yşarat edip bu mesele barada Amerikanyň sessiz oturmagyna tankyt bildirdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Twitter sahypasynda Amerika döwletiniň bir habarçynyň Arabystan tarapyndan öldürilip jesediniň parça parça edilmegini görmezlik etmeginden soň indi Arabystanda bir günde 37 adamyň başlarynyň kesilmegine Trampyň döwleti hiç hilli gaýtawuly beren däldir diýip ýazdy.

olar üçin Bolton,Bin Salman,Bin Zaýed we Benýamin Netaniýahonyň toparynda huzurly bolmaklyk her bir jenaýaty etmeklerine rugsat berýändir diýip Zarif aýtdy.

Arabystanyň içeri işler ministrligi düýn bu ýurduň raýatlaryndan 37 adamyň terrorizm meselesinde aýyplanyp öldürilendigini habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we Halkara Günä Geçiş Guramasy Arabystanda toparlaýyn ölüm hökümleriň amala aşyrylmagyny halkara kanunlara garşy hasaplap bu jenaýaty ýazgardylar.

Tag

Teswirler