14 Maý 2019, 17:02
  • Zarif:Amerika delilsiz Eýran bilen igenşiklerini artdyrýandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Hindistanyň ANI habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň mydama özüni gorandygyna yşarat edip Amerika döwleti delilsiz we biderk Eýran bilen igenşiklerini artdyryp durandyr diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif geçiren bu söhbetdeşliginde Amerika zerurlygy ýok ýerinde Eýran bilen igenşikleri artdyrýan ýöne Eýran igenşigiň yzynda däldir emma özüni goramaga mydama taýýardyr diýip beýan etdi.

Zarif şeýle-de Hindistana gurnan saparynyň maksady barada hem gürrüň gozgap Nyu-Dehli Eýranyň ýakyn şärigidir we biz Hindistan bilen köp ugurlarda gatnaşyklara eýediris diýdi.

Eýran bilen Hindistanyň arasynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklar ugurynda mundan ozal ýörite maliýe sistemasy düzülendir diýip Zarif sözüne goşdy.Hindistan Eýranyň uly nebit müşterleriniň birisidir.

Eýranyň daşary işler ministri Hindistanyň ANA habarlar gullugy bilen söhbetdeş bolmazdan öňürti Nyu-Dehlide bu ýurduň daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy.

bu duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirýän meseleleri,sebitleýin we halkara özgerişleri barada gürrüň etdiler.

 

Tag

Teswirler