27 Awgust 2019, 17:09
  • Ruhani: Eýran, dünýä bilen dawalaşmagyň yzynda däldir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran dünýä bilen dawalaşmagyň yzynda däldir diýmek bilen Eýran Yslam respublikasy sebitiň we dünýäniň howpsuzlygynyň şeýle-de dost ýurtlar bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegiň yzyndadyr diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehranda 110000 ýaşaýyş jaýyň gurluşyk işleriniň başlangyç dabarasynda eden çykyşynda hiç bir ýurt Eýranyň ýeňip başarmaz diýmek bilen ykdysady terrorizm arkaly Eýran milletine garşy gadaganlyklary ýöridenlerýalňyş barýan ýollaryndan gaýtmalydyrlar we Eýran milletiniň hukukyna hormak goýmalydyrlar diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda gadaganlyklar we duşmançylyklar taşlanmasa Eýran bilen Amerikanyň gatnaşyklarynda özgeriş döremez diýip beýan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de Eýran, ýadro ýaragyň yzyndadyr diýip Amerikalylaryň toslamalasyna yşarat edip Eýran, ýadro ýaragyň yzynda däldir sebäbi Eýranyň yradasy we harby doktorinasy normal ýaraglar esasyndadyr diýip yglan etdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani şeýle-de bu syýasat duşmandan gorkulmagy babatly däldir belkide ynanç, ahlak we mertebesi belent ýolbaşçynyň pitwasy babatlydyr diýip nygtap geçdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehraniň ýadro ylalaşygynda galan taraplar bilen gepleşikleriniň dowam edip duranlygyna hem yşarat edip egerde galan taraplar ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etseler Eýran hem öz borçlaryna amal etjekdir diýip beýan etdi.

Tag

Teswirler