11 Sentýabr 2019, 15:11
  • Rabiei John Boltonyň wezipesinden kenarda goýulmagyna gaýtawul görkezdi

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ak-Tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Boltonyň wezipesinden kenarda goýulmagynyň gaýtawulynda Bolton ýaly Eýrana garşy duşmançylyk edýänleriň hemmesi iň soňda syýasat sahnasyndan çykjakdyrlar diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei öten agşam özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda uruşyň we ykdysady terrorizmiň iň uly howandary bolan John Boltonyň işinden çykarylmagy bilen indi Ak-Tam Eýranyň hakykatlaryny düşünmäge azrak böwetler bilen duş bolar diýdi.

Bolton näçe aý mundan ozal Eýran uç aýa çenli ýok bolar diýip toslapdy emma Eýran heniz berk durandyr we ol bolsa gidendir diýip Rabiei sözlerine goşdy.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp düýn Ak-Tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Boltony wezipesinden kenarda goýýandygyny yglan etdi.

John Bolton Ak-Tama barany bäri Amerikanyň daşary syýasaty taýsyz suratda harbylaşandyr.

Teswirler