11 Sentýabr 2019, 15:33
  • Bageri:Eýran bilen Hytaýyň goranyş arkalaşyklary ösüşe bakandyr

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Eýran bilen Hytaýyň öňden gelýän harby we goranyş hyzmatdaşlyklaryna yşarat etmek bilen bu arkalaşyklaryň syýasy we ykdysady gatnaşyklar ýaly ösüşe bakandygyny aýtdy.

Hytaý resmileri bilen duşuşmak niýeti bilen Pekine sapar eden Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar serleşger Muhammet Bageri şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Hytaý ýurdyny dünýäde möhüm ýurt hasaplamak bilen Hytaý bilen dürli ugurlarda gatnaşyk açmak Eýrana gaty ähmiýetlidir diýip beýan etdi.

Eýran bilen Hytaýyň ara gatnaşygy 2016-nji ýyldan gaty ösüp strategiýa derejesine ýetdi we iki ýurduň arkalaşyklarynyň ösüşi ugurynda hemme taraplaýyn programa düzüldi diýip serleşger Bageri aýtdy.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy şeýle-de Hytaýa gurnan saparynyň maksatlary barada gürrüň gozgap bu saparda strategik we harby meseleler,günbatar Aziýanyň we gündogar sebitiň özgerişleri şeýle-de jahanyň özgerişleri barada Hytaýly resmiler bilen gürrüň ediljekdigini nygtady.

Tag

Teswirler