• Muhammet Al-Husi: duşmanlaryň bütin harby pozisiýalary biziň elýeterimzdedir

Ýemen ynkylabynyň ýokary komitetiniň başlygy bu ýurdyň goşun we halk güýçleri elgatyjy ýurtlaryň bütin esasy we harby maksatlaryna elgerip bilýärler hatda şol maksatlar ýeriň astynda bolsalarda diýdi.

Muhammet Ali Al-husi Ýemeniň Sana şäherinde öz ganlarymyz bilen abraýmyzy we namysymyzy gorarys diýlen şyga boýunça geçirlen ýaýbaň ýol ýörişlikde bberen gürrüňlerinde eger-de elgatyjylar urşyň dowam etmegini isleýän bolsalar ýemeniň perzentleriniň şu ugurda hiç hili kynçylygy ýokdyr sebäbi olar har bolmaklyga hiç haçan boýun berjekdäldirler diýdi.

Muhammet Ali Al-husi şeýle-de Saud elgatyjylaryň ýemeniň Al-Hodaýde welaýatynyň şypahanasyna eden hüjümlerini ýazgaryp urş jenaýaty we halkara kanunlaryň äşgärleýin  bozulmagy hasaba gelýän bu jenaýatlar Saud Arabystanyň serkerdeligindäki bileleşiginiň terrorçylykly durkyny belli edýändir diýip sözlerine goşdy.

04 Awgust 2018, 18:40
Teswirler