• Ser-leşger Bageri Siriýanyň goranmak ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serdar ser-leşger pasdar Muhammet Bageri ,Siriýanyň goşuny terrorçylara garşy göreşmek ugurda soňky ädimlerini öňkilerden gaýymrak ädip başarsa golaý geljekde Siriýanyň ilaty terrorçylaryň bu ýurtdan çykmaklaryna şaýat boljakdyrlar diýdi.

şu gün  serdar ser-leşger pasdar Muhammet Bageri Siriýanyň goranmak ministri Ali Aýup bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bu ýurdyň goşun güýçleriniň soňky wagtlarda gazanan üstünliklerini ylaýtada Daraa-da we bu ýurdyň günortasynda gazanan ýeňişlerini gutlamak bilen bir wagtda halas bolan sebitleri ýaňadan abatlamak işleriň we ykdysady hereketleriň tizlik bilen başlanmagyny zerur hasaplady.

general Ali Aýup hem bu söhbetdeşlikde terrorizme garşy söweşde Siriýa döwletini we milletini goldamagy babatly Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysyna,döwletine we milletine minnetdarlygyny beýan edip uruş meýdanlarynda Siriýanyň goşun güýçleriniň gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen beýan etdi.

09 Awgust 2018, 17:27
Teswirler