• Eýranyň goranmak ministri Siriýada çydam toplumynyň serkerdeleri bilen duşuşdy

Eýranyň goranmak ministri general Emir Hatami Siriýada çydam güýçleriniň serkerdeleri bilen geçiren duşuşygynda duşmanlaryň asly maksady sebiti durnuksyzlaşdyrmakdyr diýmek bilen gazanylan mümknçilikler duşmanlaryň maksatlaryny şowsyzlyga uçratýandyr diýip nygtady.

şu gün Emir Hatami Siriýanyň çydam güýçleriniň serkerdeleriniň arasynda beren gürrüňlerinde duşmanlaryň Siriýada ýola berýän pitnelerine we bu ýurdyň ilatynyň bir näçesiniň DAEŞ terrorçylary arkaly öldürilýändigine yşarat edip Yrakda we Siriýada ýüze çykan ýagdaý Amerikalylaryň sebit baradaky pitneleriniň çarçuwasyndadyr diýip beýan etdi.

Emir Hatami şeýle-de Siriýanyň goşun we halyk güýçleriniň çydamlylygy we jan aýamazlygy eziji düzgüniň Siriýadaky mekirli hilelerini puja çykarandyr diýip sözüne goşdy.

Tag

27 Awgust 2018, 17:43
Teswirler