• Sabbag:Siriýany gaýtadan abatlamak işlerinde Tehran Damaskyň ýanynda boljakdyr

Siriýanyň mejlis başlygy Hamuda Sabbag Eýran Yslam Respublikasy Siriýa dartgynlylygynyň başyndan bäri bu ýurdyň döwleti we milletiniň ýanynda bolşy ýaly Siriýanyň gaýtadan abatlamak işlerinde hem Siriýanyň döwletidir milletiniň ýanynda boljakdyr diýip yglan etdi.

şu gün Hamuda Sabbag Damaskda Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Mostafa Kawakebiýan bilen geçiren duşuşygynda Siriýanyň ýaragly güýçleriniň gün tertibindäki meselesi ýaranlarynyň arkadaşlygy bilen Siriýany terrorçylardan kämil arassalamakdyr diýip nygtady.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Mostafa Kawakebiýan hem bu duşuşykda Amerika we onuň ýaranlarynyň sebitdäki baş bozarlyklaryna yşarat edip Siriýa ençeme ýyllap eziji düzgüniň garşysynda durup uly üstünlikleri gazanandyr diýip beýan etdi.

Kawakebiýan şeýle-de Eýranyň hemişekiler ýaly ýenede Siriýa döwletiniň we milletiniň ýanynda durjakdygyna salgylanyp Eýran Siriýany gaýtadan abatlamak işlerine hem kuwwatlylyk bilen goşuljakdyr diýip yglan etdi.

Tag

27 Awgust 2018, 21:30
Teswirler