• Ýemende 20 million adam ynsanperwer kömeklere mätäçdir

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça ýokary komisseri ýemende 20 million adamyň tiz ynsanperwer kömeklere mätäçdigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça ýokary komisseri  Filipo Grandi şu gün beren gürrüňlerinde iýul aýynda Al-Hodaýde portyny basyp almak ugurda Saudi bileleşiginiň şowsyz operasiýasynyň yzy bilen ýemeniň parahat ilatynyň ýawuz ýagdaýy öňkiden beter erbetleşendir diýdi.

Arabystanyň Ýemene garşy hüjümleri Siriýada görşimiz ýaly millionlarça adamyň awara bolmaklaryna sebäp bolandyr diýip Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça ýokary komisseri  Filipo Grandi sözüne goşdy.

Saudi bileleşigi 2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda ýemeniň Al-Hodaýda portyny basyp almak üçin giň gerimde hüjümleri amala aşyrandyr emma bu hüjümde üstünlik gazanyp başarandäldir.

04 Sentýabr 2018, 19:19
Teswirler