• Yragyň mejlis başlygynyň saýlanmagyna Ýewropa Bileleşiginiň gaýtawuly

Ýewropa Bileleşigi Muhammet al-Halbussiň Yragyň mejlis başlygy wezipesine saýlanmagyny bu ýurdyň döwletiniň gurulmagy ugurdaky birinji ädim hasaplady.

şu gün Ýewropa Bileleşigi bir beýannama boýunça Yragyň syýasy başlyklary täze döwleti gurmak ugurdaky işlere badalga bermelidirler we milli goşulyşygyň we ýaraşygyň yzynda bolmalydyrlar diýip nygtady.

Ýewropa Bileleşigi Yragyň daýaw hemaýatçysy bolup galjakdyr we Yrakda durnuklylygy,howpsyzlygy we demokratiýany berkarar etmek ugurda bu ýurdyň täze döwleti bilen hyzmatdaşlyk etjekdir diýip yglan etdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani hem düýn bir sargyt boýunça Muhammet al-Halbussini täze wezipesi bilen gutlady.

Muhammet al-Halbussi Yragyň täze mejlis başlygy wezipesine saýlanmagyndan soňra eden birinji çykyşynda bu ýurdyň milletiniň bähbitleri we terrorizme garşy göreşmek ugurdaky kanunlary tassyklamak ugurda tagalla etjekdigini yglan etdi.

geçen şenbe güni Yragyň 298 deputatyndan 169-si al-Habussini goldadylar we ony Yragyň mejlisiniň 4-nji döwüriniň başlygy wezipesine saýladylar.

37 ýaşly al-Halbussi Aziýanyň gün batar sebitinde iň ýaş mejlis başlygydyr.

Tag

16 Sentýabr 2018, 17:18
Teswirler