• Palestinanyň yslam jihad hereketiniň täze baş sekretary Sionist režimine duýduryş berdi

Palestinanyň yslam jihad hereketiniň täze baş sekretary Ziýad Nohala çydam toplumy Gaza Zolagyndaky Sionist oturymly şäherçeleri ýaşap bolmajak mekana öwürip başarýandyrys diýip duýduryş berdi.

Palestinanyň maglumat ýetiriş gullugynyň beren habaryna görä,Palestinanyň yslam jihad hereketiniň täze baş sekretary Ziýad Nohala sözüniň dowamynda Sionist režiminiň howpsyzlyk güýçleriniň watana dolanmak ady bilen ýörüş geçirýän Palestinalylara garşy hüjüme geçip olary gyrana bermek ugurdaky jenaýatlary togtadylmalydyr we çydam hereketleri hem Palestina milletini goramak ugurdaky borçlaryna amal etjekdirler we amatly pursatda duşmanyň jenaýatlaryna gaýtawul berjekdirler diýip nygtady.

Ziýad Nohala Palestinanyň yslam jihad hereketiniň täze baş sekretary adynda eden ilkinji çykyşynda Palestinanyň milli ýaraşygyny amala aşyrmak ugurda 5 maddadan ybarat bolýan taslamany teklip etdi.

06 Oktýabr 2018, 19:56
Teswirler