• Yragyň parlament başlygy Eýran bilen gatnaşyklaryň goralmagyny nygtady

Yragyň parlamentiniň täze başlygy Muhammet Al-Halbusy Bagdat-Tehranyň gatnaşyklarynyň goralmagyny nygtady.

Eýranyň tele radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yragyň parlament başlygy Muhammet Al-Halbusy bu ýurdyň Kairdäki ilçihanasynda geçiren habar konferensiýasynda Yragyň ýurtlaryň syýasy duşmançylyklar meýdanyna öwrülmegine garşydygyny aýdyp Bagdat döwleti ýurtlaryň häkimiýetlerine hormat goýmak bilen bütin taraplary bir ýere ýygnanýan mekanyna öwrülmek ugurda tagalla edýändir diýip beýan etdi.

Al-Halbusy sözüniň dowamynda Türkiýäniň Yraga garşy hüjüme geçmegine hemde käbir terrorçy toparlardan goňşy ýurtlara urgy urmak ugurda haýyrlanmagyna garşydygyny yglan etmek bilen bir wagtda ýurtlaryň häkimiýetlerine hormat goýulmagyny nygtady.

Tag

06 Oktýabr 2018, 22:53
Teswirler