• Bahreýn ulamalary ilatdan bu ýurdyň parlament saýlawlaryna gatnaşmazlyklaryny islediler

Bahreýn ulamalary bir beýannama boýunça bu ýurdyň parlament hemde şäher şuralarynyň saýlawlaryna gatnaşmak Al-Halypa režiminiň Bahreýn milletine rowa görýän zulumyna gatnaşmak manysyndadyr diýip duýduryş berdiler.

Bahreýniň parlament saýlawlary 2018-nji ýylyň 24-nji Noýabrynda geçiriljekdir. Bahreýn ulamalary şu gün çykaran beýannamalarynda bu ýurtda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin käbir adamlaryň getirýän delilleri kabul eder ýaly däldir diýip nygtadylar.

Al-Halypa režimi Bahreýn milletiniň hukukyny gödek bozmak ugurda hereket edýändir we bu ýurtda köp ilatyň isleglerini äsgerýän däldir diýip Bahreýn ulamalary yglan etdiler.

olar şeýle-de Al-Halypa režimi Amerika we Britaniýanyň hemaýatlaryndan paýly bolmak bilen mydama gudrat başynda galyp başarlar mukam diýip güman edýärler diýip nygtap geçdiler.

Bahreýniň ýüzleý we formalite saýlawlary dünýäde hiç kimi aldap bilmez we diňe bu ýurtda dartgynlylygyň artmagyna sebäp boljakdyr şoňa görä egerde Al-Halypanyň syýasatlary üýtgemese Bahreýn hiç haçan dartgynlylykdan halas bolup başarmaz diýip Bahreýn ulamalary nygtadylar.

Bahreýn 2011-nji ýylyň 14-nji Fewralyndan bäri Al-Halypa režimine garşy ilat aýaga örişine şaýatlyk edip gelişidir.

Tag

10 Oktýabr 2018, 23:12
Teswirler