• Nabih Berri:Yslam ymmaty Asryň söwdasy adly taslamanyň garşysynda birleşmelidir

Liwanyň parlament başlygy Nabih Berri Arap we Yslam ymmatyny Asryň söwdasy adly taslamanyň garşysynda birleşige çagyrdy.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Liwanyň parlament başlygy Nabih Berri Şweýsariýa Ženewa şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň parlamentler bileleşiginiň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Asryň söwdasy adly taslama Palestina meselesini kast edendir diýip nygtady.

Nabih Berri sözüniň dowamynda Amerika döwletiniň Tel-Awiw şäherindäki ilçihanasyny Kudusa geçirmek hemde UNRWA Agentligine berýän kömeklerini togtatmak barada tutan tutumlaryny Asryň söwdasy adly taslamanyň bir bölegi hasaplady.

Asryň söwdasy adly taslama esasynda basylyp alynan Kudus Sionist režimine gowşurylmalydyr we başga ýurtlarda awara bolan Palestinalylar hem öz watanlaryna gaýdyp barmaly däldirler we Palestina ýurdy diňe Iordaniýa akarynyň günbatar kenarlaryna we Gaza zolagyna çäklenip galmalydyr.

14 Oktýabr 2018, 22:56
Teswirler