• Abdolmahdi:terrorizme garşy söweşiniň dowam etdirilmegi zerurdyr

Yragyň täze premýer ministri bu ýurdyň ýokary derejeli harby we howpsyzlyk jogapkärleri bilen geçiren duşuşygynda terrorizmiň kämil ýok edilýän zamanyna çenli terrorçy toparlara garşy söweşiň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Eýranyň tele radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yragyň täze premýer ministri Adel Abdolmahdi ilaty goldamagyň we goramagyň ýaragly güýçleriň we goşunyň borjydygyna yşarat edip Yragyň ýaragly güýçleriniň jan aýamazlyklarynyň bu ýurdyň terrorçylara ýeňiş gazanmagyna sebäp bolanlygyny aýtdy.

terrorçy DAEŞ topary 2014-nji ýylda Amerika we günbatarly hemde kä Arap ýaranlarynyň şol sanda Arabystanyň hemaýaty bilen Yraga hüjüm edip bu ýurdyň uly bölümlerine hasda demirgazyk sebitlerine musallat bolup elhenç jenaýatlara baş goşdylar.

Yragyň harby güýçleri bolsa Eýranyň harby geňeş kömekleri bilen iň soňda 2017-nji ýylyň Noýabr aýnda Yrakda DAEŞ terrorçylaryň soňky pozisiýasy bolan Al-Anbar welaýatynyň Rawa şäherine musallat bolup bu terrorçy topary Yragyň topragyndan çykardylar.

Tag

28 Oktýabr 2018, 16:49
Teswirler