• Arbaen mynasibetli Bagdat we Yragyň günortasyndaky şäherlerde howpsyzlyk çäreler berkidildi

Yragyň halk güýçleri ýa-da şol Al-haşadol Al-Şaabisiniň merkezi operasiýalar serkerdeligi Ymam Huseýin(a)yň zyýaratçylarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen bir näçe uçarmansyz uçary we bir topar harbyny Bagdatda we bu ýurdyň günortasynda ýerleşen şäherlerinde ýerleşdirendigini yglan etdi.

uçarmansyz uçarlardan howa çäginiň howpsyzlygyny goramak we şübheli hereketleri yzarlamak hemde maglumat toplamak maksatlary ugurlarda haýyrlanylýandyr diýip Yragyň halk güýçleriniň merkezi operasiýalar serkerdeligi nygtady.

Yragyň Zikar welaýatynyň polisiýa serkerdesi hem zyýaratçylaryň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin tiz gaýtawul beriji güýçleriň 2-nji toparynyň hem Al-Haýdariýa bilen Karbala şäherleriniň arasynda ýerleşdirilendigini yglan etdi.

1440-nji hejri kamary ýylyň Sapar aýnyň 20-si bilen deň gelýän 2018-nji ýylyň 30-nji Oktýabry Karbalada şehit bolan Ymam Huseýin(a)yň  gyrkynyň ýyllygydyr.

Tag

28 Oktýabr 2018, 23:03
Teswirler