• Jafari:Amerika Siriýada çydam toplumynyň garşysynda şowsyzlyga uçrandyr

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi serdar serleşger Muhammet Ali Jafari Amerika Siriýada çydam toplumynyň garşysynda şowsyzlyga uçrandyr diýdi.

serdar serleşger Muhammet Ali Jafari Tehranda eden çykyşynda Amerikalylar Siriýada çydam toplumynyň garşysynda şowsyzlyga uçrandyklaryny ykrar edendirler diýip nygtady.

serdar Jafari sözüniň dowamynda Amerikanyň syýasy taýdan Yrakda hem şowsyzlyga uçranlygyna yşarat edip egerde çydam toplumy we Eýranyň yslam ynkylabynyň sebit milletlerine beren sapaklary bolman bolsady bu günki gün Yrakdaky şaýlar we sünnileriň başlaryna näme belalaryň geljekdigi belli däldi diýip beýan etdi.

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi şeýle-de duşmanlaryň Ýemende hem syýasy we harby taýdan şowsyzlyga uçrajakdyklaryna şek-şübhe ýokdyr diýip sözüne goşdy.

serdar Jafari sözüniň dowamynda Eýranyň garşysynda Amerikanyň yzygiderli şowsyzlyklaryna yşarat edip Eýrana garşy ykdysady gadaganlyklar baradaky Amerikanyň mekirli hereketleri hem hudaý tagalanyň ýardam etmegi we ilatyň hüşgärlikli çydamy bilen netijesiz galjakdyr diýdi.

Tag

05 Noýabr 2018, 23:03
Teswirler