• Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýgnagynda köpy agzalar Jolan karar hatynyň taslama ýazgysyny goldadylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda köpi agzalar Jolan karar hatynyň taslama ýazgysyny goldadylar.

151 ýurt bu karar hatyň taslama ýazgysyny goldandyrlar we diňe Amerika we Sionist režimi oňa garşy çykandyrlar.

Jolan karar hatyny Siriýanyň basyp alynan Jolanyň häkimiýetine eýedigini we bu sebitdäki Sionist režimiň bütin işleriniň ygtybarsyzdygyny nygtaýandyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynyň 4-nji komiteti düýn 9 karar hata garady we onuň başga 8 karar haty hem Palestina milletini goldamak we Sionist režiminiň Palestinalylara garşy hereketlerini ýazgarmak ugurlardady.

Siriýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Başar Jafari Jolan karar hatynyň goldanmagynyň Ysraýyl režimi üçin açyk sargydy bardyr diýmek bilen Jolanyň basyp alynmagy  Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasyna we halkara kanunlara garşydyr diýip yglan etdi.

Jolan sebiti Siriýanyň üzülmez bölümidir we Damask bu sebiti indi parahatçylykly ýoldan ýa-da uruş arkaly yzyna aljakdyr diýip Başar Jafari sözüne goşdy.

Sionist režimi 1967-nji ýylda Siriýanyň Jolan sebitini basyp aldy we az wagt soňra bu sebiti basyp alynan ülkelere birikdirdi.halkara köpçüligi bolsa Sionist režiminiň bu hereketini ykrar eden däldir.

17 Noýabr 2018, 22:51
Teswirler