• Talyban Amerikanyň goranmak ministrniň aýdan sözlerine gaýtawul berdi

Talyban Amerikanyň goranmak ministri Jeýms Mattiziň Amerikaly harbylar Owganystanda galjakdyrlar diýen gürrüňleriniň gaýtawulynda Amerika we NATO harbylary Owganystandan çykmakdan başga ýollary ýokdyr diýdi.

Talyban toparynyň metbugat wekili Zabihollah Mojahed Owganystanda basyp alyjylara garşy söweşiň dowam etjekdigine yşarat edip Owganystan ilaty geçen bir ýüz ýyllykda iki gezek basyp alyjylara garşy uruşyp olary ýurtlaryndan çykarandyrlar şoňa görä Amerikalylar bolsa ondan pent almalydyrlar diýip nygtady.

Amerikanyň goranmak ministri Jeýms Mattis baýak bir çykyşynda Amerika harbylaryny Owganystanda saklajakdyr diýmek bilen Waşington Owganystandan çykmak üçin programasy ýokdyr diýdi.

Owganystanyň ilaty we mejlisiniň deputatlary bu ýurtda Amerikaly harbylaryň galmaklaryna garşydyrlar sebäbi olary Owganystanda söweşiň, durnuksyzlygyň we terrorizmiň dowam etmeginiň sebäpkäri bilýändirler.

03 Dekabr 2018, 23:09
Teswirler