14 Ýanwar 2019, 19:12
  • Siriýany gaýtadan abatlamak üçin Eýran taýýarlygyny yglan etdi

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişeh Siriýanyň gaýtadan abatlamak maksady bilen bu ýurda täze we döwrebap tehnologiýalary ibermäge Tehranyň taýýarlygyny yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişeh şu gün Damaskda Siriýanyň parlamentiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygy Fisal Al-Huri bilen geçiren duşuşygynda durmuşky ýiti ýagdaýda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetine yşarat edip Siriýanyň terrorizme ýeňiş gazanmagy bilen ykdysady bähbitleri hem öz yzyna tirkemegini umyt etdi.

Siriýanyň mejlisiniň milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygy Fisal Al-Huri hem bu duşuşykda Eýran bilen Siriýanyň gadymdan gelýän gatnaşyklaryna hemde daşary dartgynlylyklaryň garşysynda birek biregi goldaýandyklaryna salgylanyp iki ýurdyň parlament gatnaşyklaryny berkitmek üçin Eýranly toparyň Damaska gurnan saparynyň maksatlarynyň amala aşjakdygyny nygtady.

Siriýaly resmiler bilen duşuşmak üçin düýn bu ýurda baran Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatollah Falahatpişeh şu gün Siriýanyň prezidenti Başar Assad hemde daşary işler ministri Walid Al-Muallem bilen hem duşuşandyr.

Tag

Teswirler