19 Fewral 2019, 22:07
  • Lawrow:Amerika Siriýany bölmegiň yzyndadyr

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Damask barada Waşingtonyň pozissiýalaryna tankyt bildirip Amerika döwleti Siriýany bölmegiň yzyndadyr diýdi.

Sputnik habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow beren gürrüňlerinde Waşingtonyň Siriýanyň Forat akarynyň gündogar sebitinde hakyky bolmadyk ýene bir ybaratda hamala bir döwleti gurmagyň we Siriýany bölmegiň yzyndadyr diýdi.

Lawrow şeýle-de Waşington Siriýanyň demirgazyk gündogar sebitleriniň Damask döwletine gaýtarylyp berilmegine garşydyr diýip yglan etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Siriýadaky Amerikaly harbylaryň çykmak meselesine yşarat edip bu sebitde bikanun hereketleri amala aşyrmaklary barada Waşingtona we ýaranlaryna duýduryş berdi.

Amerika geçen 7 ýylyň boýunda Siriýada bikianun bolmagy we terrorçylary goldamagy bilen hem Damaskyň kanuny döwletini ýykmak we sebitde Sionist režiminiň pozissiýasyny pugtalandyrmak baradaky niýetlerine ýetip başaran däldir.

 

Tag

Teswirler