20 Aprel 2019, 16:12
  • Al-Bargouti:dünýäde hiç bir gudrat Palestina milletini öz kanuny söweşinden alyp galyp başarmaz

Palestinanyň milli başlangyçlar hereketiniň baş sekretary Amerikanyň asryň söwdasy atly taslamasynyň şowsuzlyga uçrajakdygyna yşarat edip dünýäde hiç bir gudratyň Palestina milletiniň öz berhak we kanuny söweşinden alyp galyp başarmajakdygyny aýtdy.

Mustafa Al-Bargouti arap dilinde gepleşik berýän Sky News tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde asryň söwdasy atly Amerikaly taslama barada gürrüň gozgap beren gürrüňlerinde bu taslamanyň Palestina meselesini ýok etmekden we jyns paraz Sionist režimini Palestina halkyna musallat etmekden başga maksady ýokdyr diýdi.

Asryň söwdasy atly taslama dartgynlylygy çözmek ýa-da ýaraşyk gepleşikleri ileri äkitmek üçin däldir we Sionist režimidir Amerikanyň özleri hem Palestinalylaryň bu taslamany kabul etmejekdiklerini gowy bilýändirler diýip Al-Bargouti aýtdy.

Palestinanyň milli başlangyçlar hereketiniň baş sekretary şeýle-de Palestina ilaty we ähli toparlary asryň söwdasy atly taslamany ret etjekdirler sebäbi bu taslamany kabul etmek Kudus-dan geçmek,Palestinanyň garaşsyzlygyndan göz ýummak we iň soňda dönüklik etmek manysynda hasaplanýandyr diýdi.

Tag

Teswirler