06 Maý 2019, 17:52
  • Amir Abdollahian:Sionist režimiň jenaýatlary Amerikanyň goldamagy bilen amala aşýandyr

Palestina intefazasyna hemaýat berýän halkara konferensiýanyň baş sekretary Hoseýin Amir Abdollahian ganhor Sionist režiminiň Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň berýän goldawlary üçin Gaza Zolagynda Palestinanyň zulum astyndaky ilatyna garşy hemme taraplaýyn hüjüm edýändigini aýtdy.

Amerika döwleti Sionist režimine hemaýat berip bu režimi ýok olmak howpyndan alyp galyp bilmez we Palestinanyň çydam toparlary iň soňda bu režimiň elgatyjylygyna soň bererler diýip Amir Abdollahian ynam bildirdi.

Eýran hergiz Palestina meselesini unutmaz we Amerika döwletiniň edýän bir taraplaýyn bikanun işleri hem Palestina milletine goldaw bermekde musulmanlaryň yradasyny gowşadyp başarmaz diýip Palestina intefazasyna hemaýat berýän halkara konferensiýanyň baş sekretary aýtdy.

aýtmak gerekli Amerikanyň prezidenti Donald Tramp we daşary işler ministri Mike Pompeo özleriniň bir taraplaýyn boluşlarynyň dowamynda Sionist režiminiň Gaza Zolagynda ýola berýän jenaýatlaryna yşarat etmezden bu çaknyşykda hak Ysraýyl režimi bilendir diýip toslaýandyrlar.

Amerika döwleti Gaza zolagynda Sionist režiminiň Palestinalylaryň tersine ýola berýän jenaýatlaryna hemaýat berýän ýagdaýynda dünýäniň köp ýurtlary Sionist režiminiň jenaýatlaryny ýazgarýandyrlar.

Teswirler