10 Sentýabr 2019, 19:09
  • Seýed Hasan Nasrolla: Eýrana garşy her bir uruş ,Ysraýylyň soňy manysynda boljakdyr

Liwan Hezbollasynyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrolla aşyr aýynyň 10-njy gününiň ýas çärelerine Eýran ilatynyň giňden gatnaşmagy Ymam Huseýin(a/s)iň kerbeladaky taryhy sesine jogap bermegi hasaplamak bilen Eýrana garşy her bir uruş ,Ysraýylyň soňy manysynda boljakdyr diýip nygtady.

şu gün Liwan Hezbollasynyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrolla aşura güninde eden çykyşynda çydam toplumynyň Palestinanyň we ýemeniň zulum astyndaky milletleriniň ýanynda duranlygyny yglan etmek bilen ýemeniň günortasynda ýüze çykyp duran ýagdaý Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleriň Ýemeniň baýlyklaryna göz garaltýanlygyny belli etdi emma bu uruşyň olar üçin şowsuzlykdan we mydamlyk ruswalykdan başga netijesi bolmaz dýiip beýan etdi.

Liwan Hezbollasynyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrolla şeýle-de Amerikanyň Eýrana we Siriýa garşy gadaganlyklaryny zulum hasaplamak bilen Amerika döwleti Ysraýyl režiminiň Palestinadaky we Liwandaky şowsuzlyklaryndan soňra hemde Tekfiri toparlar arkaly Liwan, Siriýa we Yrakda ýola beren uruşlarynda ýeňilenden soňra maliýe basyşlary ýola berip durandyr diýdi.

Tag

Teswirler