11 Sentýabr 2019, 19:21
  • Birleşen Milletler Guramasy:Amerikanyň Siriýada ýola berýän hüjümleri uruş jenaýatydyr

Birleşen Milletler Guramasy özünüň şu gün çykaran hasabatynda 2019-nji ýylda Amerikanyň baştutanlygyndaky bileleşigiň Siriýada ýola beren howa hüjümlerinde parahat ilatyň köpüsiniň heläkçilige uçrandyklaryny habar berip bu hüjümleri bir hilli uruş jenaýaty bildi.

Amerikanyň baştutanlygyndaky bileleşiginiň şeýle-de 2016-2017-nji ýyllarda Siriýanyň Raga sebitinde ýola beren howa hüjümlerinde iki müň 323 adam şol sanda 543 çaga bilen 346 zenan ölendir diýlip bu hasabatda getirilýär.

Amerikanyň baştutanlygyndaky bileleşigi şeýle-de Iýun aýynda neşir eden hasabatynda 2014-nji ýylyň Awgust aýyndan 2019-nji ýylyň Maý aýynyň soňuna çenli Siriýa we Yrakda amala aşyran howa hüjümlerde 1319 parahat adamyň ölendigini ykrar etdi.

2014-nji ýylda terrorçy DAEŞ topary Yrak we Siriýanyň uly bölümlerini basyp almagyndan soň Amerika döwleti hamala bu terrorçy topar bilen göreşmek bahanasy bilen bu bileleşigi döredendir.

 

Tag

Teswirler