• Şweýsariýada Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 4-5-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ženewa şäherinde iş saparynda boldy.

Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Prezidenti Peter Maurer, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Muhisa Kituýi, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň Baş direktory Frensis Garri, we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Laura Tompson bilen duşuşyklar geçirdi.

Ýokarda atlary agzalan halkara düzümleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, parlamentara gatnaşyklar, halkara ynsanperwer hukugyny öňe sürmek we ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek, migrasiýa, intellektual eýeçiligi we ekologiýa meseleleri, şol sanda Türkmenistanyň halkara guramalaryndaky agzalygy ýaly mesele boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Egl şäherinde boldy we ol ýerde Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) Prezidenti Dawid Lappartient bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, hususan-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýasy bellenildi. Mundan başga-da taraplar, Türkmenistanda welosiped sporty boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmek baradaky meselä garadylar.

05 Iýul 2018, 19:19
Teswirler