• Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga gelen, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dinara Kemelowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy gepleşikleri giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli birnäçe meselelere garadylar. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary ýurdunyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda köpmeýilli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini belledi. Şoňra taraplar ýokary derejede syýasy gepleşikleri güýçlendirmegiň, diplomatik edaralaryň arasynda we halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp geçdiler.

Ikitaraplaýyn şertnama binýadyny ösdürmegiň meseleleri boýunça işjeň gepleşikleri geçirildi. Şeýle hem taraplar, ýurtlaryň arasynda harydyň eksporty we importy çygyrlarynda söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri babatda teklipleri beýan etdiler. Taraplar energetika, ulag, syýahatçylyk we bilim pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bellediler.

Yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklar geljekde Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge ýardam etjekdigi babatda ynam bildirildi. 

13 Iýul 2018, 12:27
Teswirler