• Türkmenistan - BMG: durnukly ösüş Maksatlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Nýu-Ýorkda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forum Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de olara ýetmegiň netijeli ýollaryny gözlemäge bagyşlandy.

Türkmenistanyň Liderimiziň başlangyjy bilen we “Açyk gapylar” halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Bitarap Aşgabat döwleti Birleşen Milletler Guramasy bilen ilkibaşda strategiki häsiýete eýe bolan netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Soňky ýyllarda BMG-niň möhüm düzümleri we ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Milletler Bileleşiginiň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS bilen ýola goýulýan gatnaşyklar täze hile we mazmuna eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagynyň ähmiýetlidigini bellemeli. Munuň özi häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, 2013 —2015-nji ýyllarda EKOSOS-nyň düzümine saýlanan ýurdumyz 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitine taýýarlyk görmäge işjeň gatnaşdy. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 9 düzüminiň agzasy bolup durýar. Şolaryň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.

EKOSOS-nyň howandarlygyndaky Syýasy foruma 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça BMG-niň ulgamynda netijeli we köptaraply guraly hökmündäki orun degişlidir. Oňa türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerinde jogapkärli orun eýeleýän Türkmenistanyň döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň gullugyna gönükdirmäge taýýardygynyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan şu döwürde ählumumy ösüş maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde saýlanan döwletleriň toparyna girýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň oňyn tejribesi we durmuş-ykdysady görkezijileri Gurnabguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň anyk netijesi bolup durýar hem-de dünýä bileleşiginiň gyzyklanmalaryna mynasypdyr. BMG-niň möhüm Konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulan türkmen döwleti netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin köptaraply binýat bolan Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy ornuny belläp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydyr. Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de abadançylyk bähbitli umumy tagallalaryň utgaşmagyny şertlendirýän anyk teklipleri BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Durnukly ösüş maksatlaryna milli derejede uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar hem-de bu işi ulgamlaýyn esasda alyp barýar. Şeýle hem ýurdumyz özgertmeler maksatnamalaryny, geljekki ösüş meýilnamalaryny taýýarlamakda hem-de ýerine ýetirmekde bu maksatlaryň binýatlyk ugurlaryny we usullaryny peýdalanýar.

“Durnukly hem-de durmuş babatda durnukly jemgyýete barýan ýolda özgertmeler” mowzugy boýunça geçirilen ýokary derejedäki Syýasy forum BMG-ä agza ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň, hususy pudagyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Şu ýyl oňa gatnaşyjylaryň garamagyna Durnukly ösüş maksatlary, şol sanda sebitde suwdan peýdalanmak, hemmeler üçin energiýanyň ygtybarly, durnukly we häzirki zaman çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek şäherleriň we ilatly ýerleriň howpsuzlygyny, ýaşaýşa durnuklylygyny, sarp edişiň we önümçiligiň netijeli usullaryny ekologiýa meselesini üpjün etmek ýaly möhüm durmuş meseleleriniň giň toplumy hödürlenildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ysnyşykly we oňyn häsiýeti bellenildi.

BMG-niň Baş sekretary howpsuzlygy üpjün etmäge, bosgunlara, migrasiýa, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işini goldamaga degişli meselelerde Türkmenistanyň ornuny belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, sebit we milli derejelerde Ählumumy terrorçylyga garşy göreşmek strategiýasyny durmuşa geçirmek, dünýä bileleşigi üçin derwaýys meseleleriň köpüsi boýunça sebitiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça üstünlikli işi nygtaldy.

Nýu-Ýorkda bolmagynyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklaryň başga-da birnäçesini, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary wezipeli wekilleri hem-de onuň esasy düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ýewropa Bileleşigi we Slowakiýanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly durnuklylygy gazanmak: Merkezi Aziýada işlemegiň täze usullary” mowzugy boýunça çärä gatnaşdy.

Forumyň gün tertibine gaýdyp gelmek bilen, Türkmenistanyň suw serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak, durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolan ekologiýa ýaly özara baglanyşykly ugurlardaky sebitara we ählumumy hyzmatdaşlyga mynasyp goşant goşýandygyny bellemeli.

 Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” sammitinde, Sendaýda geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Teguda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda hem-de geçen aýda Duşenbede geçirilen we BMG-niň yglan eden “2018 —2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw” atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatda öňe süren netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýry-aýry ugurlaryna geçirmek, Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak hakyndaky teklipler bar.

Görnüşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” hakyndaky kararnamasynyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Ol häzirki döwürde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň aprel aýynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Lideriniň belleýşi ýaly, özünde syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryny jemleýän suw meselesi halkara hyzmatdaşlygyna we umumy dünýägaraýyş binýadynda döwletleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna mätäç bolup durýar. Şunda, peýda hem-de bähbit ýörelgeleri ählumumy maksatlaryň hereketi, suw boýunça bir bitewi uzakmöhletleýin strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagy ýaly wezipeler bilen ornuny çalyşmalydyr.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň we iri halkara duşuşyklarynda kabul edilen degişli maksatnamalaýyn resminamalaryň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam hyzmatdaşlykda hut şeýle wezipeleriň çözülmegi mümkin bolar. Bilelikdäki işiň möhüm şerti suw serişdelerine deňeçer we adalatly çemeleşmeler ýörelgesine ygrarly bolunmagydyr we onuň adamynyň düýpli hukugy hökmünde ykrar edilmegidir.

Merkezi Aziýada suw meseleleri barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň bu meseleleri halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň her biriniň bähbidiniň nazara alynmagynda we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmeginiň tarapdarydygyny bellemeli.

Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we ählumumy ugurlaryň sazlaşygynyň möhümdigini belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady we tebigaty goramak ulgamlarynda amala aşyrýan syýasaty BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda kabul eden Gün tertibi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, ýurdumyzda suw tygşytlaýjy tehnologiýa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylýar, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, howanyň ýakymly täsirini döretmek üçin tokaý zolaklaryny giňeltmek we ýerleriň peýdalanylyşyny gowulandyrmak ugrunda ugurdaş çäreler amala aşyrylýar.Köpçülikleýin tokaý zolaklaryny döretmek maksatnamalarynyň çäklerinde, şäherleriň we ilatly ýerleriň töwereklerinde suwuň netijeli peýdalanylmagyna mümkinçilik berýän öňdebaryjy suwaryş usullaryny ulanmak arkaly ägirt uly möçberdäki tokaý zolaklary döredildi.

Şäher gurluşygynda, oba hojalygynda, Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça taýýarlanan meýilnamalary amala aşyrmakda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagy baş çelgi bolup durýar. Umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasyny düzýär.

Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu möçberi hem-de ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk taslama suw serişdelerini saklamak we daşky gurşawy goramak, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleriniň umumy çözgüdine gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadynyň döredilmegine işjeň gatnaşýar we düzümleýin pudaklaryň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly ulgamynyň, şolaryň halkara bazarlaryna üstaşyr howpsuzlygynyň ygtybarly guralynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan bu möhüm pudakda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, köptaraply energiýa gatnaşyklaryny hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň hemmesiniň bähbitleriniň deňeçerliginiň esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülmegine, tebigy serişdelere aýawly gatnaşyklara, energiýa çeşmelerine we olary ugratmagyň serişdelerine bökdençsiz hem-de kepillendirilen, deňhukukly ugurlaryň üpjün edilmegine gönükdirilen täze usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Lideriniň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlarynda döwletimiziň şu meseleler baradaky orny beýan edilýär. Bu bolsa halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Şeýlelikde, olar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary arkaly berkidilýär.

Nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen iri taslamalary öňe sürýär.

Şolaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Bu diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga däl, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine, häzirki zaman hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika howpsuzlygynyň hem-de ykdysady durnuklylygyň berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljekki ugurlaryň açylmagyna kömek eder.

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterliligi üpjün etmek üçin täze energetika “Beýik Ýüpek ýoludyr” diýen tanyşdyryş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-ä agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň çäklerinde mowzuklaýyn fotosergi hem guraldy. Şunuň bilen birlikde, ýygnananlara “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasy tarapyndan ýörite wideoşekiller hödürlenildi.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Çärä gatnaşyjylar hemmeler üçin energiýanyň elýeterliligini üpjün etmek üçin täze energetika Beýik Ýüpek ýoly hökmünde TOPH taslamasyny ilerletlmek boýunça Türkmenistanyň netijeli ädimlerine ýokary baha berdiler.

Bu we beýleki düzümleýin taslamalaryň ähmiýeti şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde kabul edilen BMG-niň Owganystana goldaw bermek baradaky Missiýasyny uzaltmak hakyndaky Kararnamada tassyklanyldy. Mälim bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa onuň Owganystandaky çäginiň gurluşygyna, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegine badalga berildi. Şol döwürde Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag ulgamynda, şol sanda “Demirgazyk — Günorta” hem-de “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ulgamynda öňe sürýän taslamalarynyň ähmiýetini we zerurlygyny bellemek ýerlikli bolar. Şolaryň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, sebitara we yklymara gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýär.

Bu giň möçberli taslamalar Türkmenistanyň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine anyk goşandydyr. Asyrlaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen bu ýol türkmen topragyndan geçipdir. Häzir ol täze derejede dikeldilýär we döwletleriň hem-de halklaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegini esasy ugur edinýär. Ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi we  Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Diýarymyz sebitiň möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkeze öwrülýär.

Şeýlelikde, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy maksatlara işjeň gatnaşýan Bitarap Türkmenistan iş ýüzünde Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär we parahatçylygyň, durnuklylygyň, sebit hem-de ählumumy derejede durmuş we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegini ugur edinýär.

22 Iýul 2018, 13:14
Teswirler