• Ylham Alyýew Türkmenistan döwletinden Trans Hazar taslamasynyň başyny başlamagyny isledi

Azerbaýja Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistan döwleti bu ýurdyň gazyny hazar deňiziniň astyndan Azerbaýjan respublikasyna ýetirýän gaz geçiriji turba ýolyň gurlyşyk işlerini başlamalydyr diýdi.

Wirtual Az saýtyň beren habaryna görä Ylham Alyýew Trans hazar  gaz geçirijisi barada ara atylan soragyň jogabynda egerde Türkmenistan hazaryň astyndan gaz geçiriji turba ýolyň gurlyşyk işlerini başlasa baku döwleti hem ony goldajakdyr diýip yglan etdi.

Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti sözüniň dowamynda Aşgabat döwleti Trans hazar gaz geçiriji taslamasyna ykjam bolmalydyr we baku döwleti hem şu taslamany goldajakdyr diýi nygtap geçdi.

Trans Hazar gaz geçiriji taslamasy Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjan respublikasyna geçirjekdir.

Tag

27 Awgust 2018, 18:46
Teswirler