• Eýranyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň başlygynyň Türkmenistana gurnan sapary

Eýranyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň başlygy mahmud Waezi Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegini ähmiýetli hasaplamak bilen goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ylaýtada Tehran-Aşgabadyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi Eýranyň strategik syýasatlaryndandyr diýip yglan etdi.

şu gün syýasy we ykdysady bir topara ýolbaşçylyk edip Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada sapar eden Eýranyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň başlygy mahmud Waezi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Eýran bar mümkinçiliklerinden haýyrlanmaga taýýardyr diýip yglan etdi.

Eýranyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň başlygy mahmud Waezi şeýle-de sebitde ekstremizmiň ösenligine yşarat edip sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goramak üçin Eýran bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi we terrorizme garşy göreşmek ugurda birek-biregiň mümkinçiliklerinden haýyrlanmagy zerurlyklardandyr diýip nygtady.

Eýranyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň başlygy mahmud Waezi sözüniň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin  ýükdaşaýyş we tranzit şertleriniň aňsatlaşdyrylmagyg gereklidir diýip beýan etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu duşuşykda Eýran bilen Türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtamak bilen  Türkmenistan garaşsyz bolany bäri mydama Eýranyň hemaýatlaryndan paýly bolandyr we iki ýurt sebitdäki wakalaryň hemmesinde birek-biregiň ýanynda bolandyr diýip beýan etdi.

Berdimuhamedow şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň ykdysady, tranzit we medeni mümkinçiliklerinden haýyrlanylmagyny isledi.

Tag

12 Sentýabr 2018, 20:31
Teswirler