• Berdimuhamedow bütindünýä ykdysadyýet we syýasat äleminde Hazar deňiziniň ähmiýetini nygtady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňizi dura-bara dünýä derejesinde möhüm tranzit we söwda merkezleriň birisine öwrüler diýdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ministrler kabinetiniň maslahatynda eden çykyşynda bütin dünýä Hazar deňiziniň ähmiýetine ýetikdir diýmek bilen Hazar deňizi gowy tranzit düýp gurluşyklaryndan paýly bolan uly energiýa çeşmesidir diýip nygtady.

prezident Berdimuhamedow sözüniň dowamynda Hazar deňizi parahatçylyk we dostluk deňizi bolup galmalydyr diýmek bilen bu deňiziň ýakasynda ýerleşen döwletlerden Hazar deňiziň mümkinçiliklerini ösdürmek ugurda bilelikdäki programalaryň amala aşyrylmagyny isledi.

bu maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem Hazar deňiziniň täze hyzmatdaşlyk senetleriniň döredilmegini nygtamak bilen Türkmenistanyň prezident gullugynyň gözegçiligi astynda Hazar deňiziniň meseleleri boýunça öwrediş institutnyň gurulmagy üçin taýýarlyk görülýär diýip yglan etdi.

Tag

07 Noýabr 2018, 20:25
Teswirler