• Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň holdinginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Gurbanguly Bermimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belläp, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini belledi. Ýangyç-energetika ulgamy bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir.

 Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasyny nazara almak bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şol strategiýa pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar, şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler.

Gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, «Orta Aziýa — Merkez» gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk edip gelýän köp ýyllarynyň dowamynda özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy, bu bolsa ýakyn geljekde zerur bolar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, okgunly barýan ylmy tehnologiýa ösüşi, şeýle hem bar bolan köpugurly mümkinçilikler işewür gatnaşyklary berkitmek hem-de şolara has depginli häsiýeti bermek üçin amatly şertleri döredýär.

Duşuşygyň ahyryndaTürkmenistanyň döwlet Baştutany we myhman Türkmenistanyň hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

29 Noýabr 2018, 13:12
Teswirler