•  Türkmenistan — halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.

Resminama 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekildi. Onuň kabul edilmegi sebitiň ykdysady birleşmesini ösdürmek, söwdanyň möçberini artdyrmak maksadynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Aşgabat forumynyň anyk goşandyna öwrüldi.

Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň prezidentiniň başyny başlan giň gerimli taslamalary, şol sanda bar bolan awtomobil we demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň täzelerini gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämiçiligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunda halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmäge aýratyn üns berilýär.

Bäştaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän maslahat “Lazurit” halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge tarap ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelen wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar yklymyň esasy ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklarynyň Türkmenistana Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler adamlar hakyndaky aladanyň, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

29 Noýabr 2018, 13:18
Teswirler