• Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy

Türkmenistanda 25-nji iýun - 1-nji iýul aralygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet araçägini kesgitlemek we belgilemek meseleleri baradaky özbek-türkmen hökümetara komissiýasynyň iş toparlarynyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

 

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet araçägini kesgitlemek we belgilemek meseleleri baradaky özbek-türkmen hökümetara komissiýasynyň iş toparlarynyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek araçäginiň aýry-aýry bölekleriniň bilelikdäki öwrenilmeleriniň netijelerine seredildi. Iş toparlarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça Protokola gol çekildi.

2017-nji ýylyň martynda bäri, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana eden saparynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, uzak ýyllyk arakesmeden soň, iki ýurduň iş toparlarynyň döwlet serhetlerini belgilemek boýunça  gepleşikleri dikeldildi.  Eýýäm serhet liniýalarynyň geçýän ýerlerini anyklamak boýunça 9 duşuşyk geçirildi diýip, Özbegistanyň DIM-i habar berýär.

Aýtmak gerek, Özbegistan , Türkmenistan,Tajikistan ,Gyrgyzystan we Gazagystan gaatnaşyklary ,serhet kynçylyklar sebäpli hemişe gürrüňli bolandyr we bu gürrüňler sebit we sebitaşa gudratlaryň Merkezi Aziýada dahylçylyk etmeklerine bir bahana bolandyr.bu ýurtlaryň arasyndaky agyzalalyklar we serhet kynçylyklary  SSSR-yň döwürinden galandyr we 27 ýylyň geçmegi bilen bu gürrüňler henizem bardyr. Emma ýatlap geçýärs, Özbegistayň döwlet resmileriniň merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary şolsanda   Türkmenistan bilen geçirýän iki taraplaýyn maslahatlary iki jähetden möhümdir.ilkinjisi iki taraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki hyzmytdaşlyklar bolýar we ikiinjisi hem Özbegistanyň sebitdäki oýnaýan rolydyr. Özbegistan bilen Türkmenistan arasyndaky gatnaşyklardan aýtsak, bu iki ýurt garaşsyzlyk alanlaryndan soň ykdysady,energiýa,suw we tranzit ugurlarda hyzmatdaşlyk edendirler. Özbegistan bilen Türkmenistanyň resmileri şu mahala çenli 150 senede gol çekendirler ,emma indi bu hyzmatdaşlyklary ösdürjek bolýarlar.

Ýene bir zaty ýatlaýars DAEŞ-yň Öwganystanda peýda bolmagy sebitdäki ýurtlary hasda Özbegistan bilen Türkmenistany alada goýýar we bu ýurtlar terrorçylary ýogaltmak hakda hem hyzmatdaşlyk etýärler.

 

Tag

03 Iýul 2018, 20:21
Teswirler