• Türkmenistanyň prezidenti kaspiň ekologiýasy hakynda aladalandy

Türkmenistanyň prezidenti Kaspi konwensiýasyna gol çekilenden soň onuň ekologiýasy hakynda aladalandy.

Türkmenistanyň prezidenti 17-nji awgustda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, onuň dowamynda Kaspi deňziniň ekologiýa meselesine aýratyn üns berdi. Hakykatda ähli wise-premýere, hatda döwlet işiniň deňiz meselesine gatnaşygy bolmadyk ugurlaryna gözegçilik edýänlere hem Kaspiniň abadançylygy ugrunda işlemek tabşyryldy.

Türkmenistanyň baştutany mejlisiň dowamynda agrosenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip, “häzir Kaspi deňzinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ekologiýa bolup durýar. Bu klimat özgermeleri we biologiki dürlüligi gorap saklamak bilen öazara baglanyşykly” diýdi.

Döwlet baştutany wise-premýere Kaspi deňziniň gidrometreoroligiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň  şu ýylyň güýzüne niýetlenen sessisýasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Prezident “Kaspi boýunça ähli işiň ylmy esasda, gözegçilik we çaklamalar ulgamlaryna daýanmak bilen amala aşyrylmalydygyny aýtdy” diýip, TDH habar berýär.

— Biz Kaspi deňzinde ylmy barlaglary geçirmek boýunça bäştaraply Ylalaşygyň taýýarlanmagyna gatnaşmaly – diýip, Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport, ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýer Pürli Agamyradowa bu işlere taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet baştutany maliýe ministri Goçmyrat Myradowa 2019-njy ýylda geçirilmeli birinji Kaspi ykdysady forumyna haýal etmän taýýarlyk görüp başlamak tabşyrygyny berdi.

Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,  milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, Hazar deňzinde howpsuzlyk babatdaky işleri has işjeň dowam etmegi, şol sanda Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işleri babatda bäştaraplaýyn ylalaşygy taýýarlamaga hem işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Birnäçe gün mundan ozal, 12-nji awgustda “Kaspi bäşliginiň” baştutanlary Gazagystanda Kaspiniň hukuk durumy boýunça konwensiýa gol çekdiler. Dokumente laýyklykda, ýurtlar deňziň düýbünden gaz geçiriji gurup bilerler, ýöne bu bäş döwlet hem taslamanyň ekologiki taýdan howpsuzdygyna ynanan ýagdaýynda mümkin bolar.

Bu maglumaty RF DIM-niň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi Igor Bratçikow hem tassyklady. Ol rus habar serişdeleriniň Transkaspi gaz geçirijisi barada beren soragyna “ýurtlar geçiriji gurup bilerler, ýöne diňe gurluşyk taslamalary ekologiýa talaplaryna we halkara şertnamalarynda berkidilen standartlara laýyk gelende” diýip jogap berdi. “Haçanda  we eger transhazar geçirijisini gurmaga real planlar peýda bolsa, hazarýaka döwletleriniň islendigi, eger muny zerur tapsa, bu hili gurluşyklaryň Kaspi deňziniň ekologiýasyna ýetirip biljek täsirlerine baha bermek prosedurasyna goşulyp biler. Olar muny heniz taslama taýýarlanýan wagtynda edip bilerler” diýip, DIM-niň wekil,i aýtdy.

Belleýäris, Konwensiýa gol çekilenden soň köp habar serişdeleri transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin diňe iki tarapyň ylalaşmagy ýeterlik diýen maglumaty ýaýratdy.  

 

Tag

20 Awgust 2018, 09:02
Teswirler