• Türkmenistan,fransuz şereketler bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär

Türkmenistan,fransuz şereketleri bilen şol sanda “Si­fal” we “Win­çi” kom­pa­ni­ýa­la­r bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär

Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa fran­suz di­li­ne ter­ji­me edi­len “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen ki­ta­by sow­gat be­rip,   Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bu düýp­li işi­niň ola­ryň wa­tan­daş­la­ry­na mil­li-me­de­ni öz­bo­luş­ly­lyk, türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry we dur­muş ka­da­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga, şeý­le hem türk­men­le­riň dün­ýä­niň yl­my-yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy­na ba­ha ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Fran­si­ýa — Türk­me­nis­tan Söw­da pa­la­ta­sy­na hem baş­tu­tan­lyk ed­ýän Žil Re­mi­niň bel­leý­şi ýa­ly, onuň ýur­dun­da türk­men Li­de­ri­niň bu ese­ri ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ta­ryh­da we hä­zir­ki dö­wür­de se­bit­de nä­hi­li uly orun eýe­le­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Myh­man­lar du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tine ho­şal­lyk bil­di­rip, gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da eýe­le­ýän orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge hem-de yna­nyş­mak we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne öz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti  Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­leri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny se­na­gat­laş­dyr­mak we düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, ýur­duň da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mek stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Şun­da bi­na­gär­lik we gur­lu­şyk ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt tej­ri­be­si­ni çek­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da,   Pre­zi­den­t  Gurbanguly Berdimuhamedow hal­ka­ra gur­lu­şyk ba­za­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­lar bo­lup dur­ýan “Si­fal” we «Win­çi Konst­ruks­ýon Gran Pro­že” fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nda ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­na iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­de iş­le­me­giň top­la­nan oňyn tej­ri­be­si­ni na­za­ra alyp, hyz­mat­daş­lyk et­me­giň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Myh­man­lar köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak hem-de ony has-da ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bel­läp, şu­nuň ýa­ly oňyn gat­na­şyk­la­ryň di­ňe türk­men Li­de­ri­niň ynam­ly alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si ne­ti­je­sin­de müm­kin bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şol ýö­rel­gä­niň mö­hüm ug­ry Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­den yba­rat­dyr.

Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, ulag-ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri, gur­lu­şyk pu­da­gy işe­wür gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de ag­zal­dy. Işe­wür­ler mil­li we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge mun­dan beý­läk-de iş­jeň gat­naş­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­lap, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti fran­suz hyz­mat­daş­la­ryň gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­len işe­wür çe­me­leş­me­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, ony ös­dür­mek üçin Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li tas­la­ma­lar we mak­sat­na­ma­lar ba­bat­da giň göz­ýe­tim­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol mak­sat­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da önüm­çi­lik we ulag dü­züm­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­my bar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bu ba­bat­da hil öl­çeg­le­ri­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ne we iş­le­riň şert­na­ma­da bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.

Işe­wür­ler bil­di­ri­len ynam üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, türk­men ta­ra­py­nyň öňe sür­ýän ta­lap­la­ry­na pug­ta eýer­me­gi mak­sat edin­ýän­di­kleri­ni nyg­ta­dy­lar hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

 

01 Sentýabr 2018, 09:23
Teswirler