• Türkmenistanyň metbugatyna Halk maslahatyny wagyz etmek buýruldy

Türkmenistanda Halk maslahatynyň 24-nji sentýabrda bellenilen ilkinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň (Parlamentiniň) başlygy Gülşat Mämmedowa Ministrler kabinetiniň 31-nji awgustdaky maslahatynda bir topar kanunyň kabul edilmegi planlaşdyrylýan çärä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

 TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mämmedowa kanunlar taýýarlanylanda “türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gel­jek­ki ösü­şi­niň we­zi­pe­le­rin­den ugur alyn­ma­ly­dygyny” ýatlatdy.

Medeniýet we metbugat boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa bu wakany bolmaly derejesinde beýan etmek, şeýle-da ilaty kabul edilen kararlar bilen habarly etmek tabşyryldy.

Halk maslahaty 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýatyrylan Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlisinde , ozalky geňeşçi guramanyň bazasynda gaýtadan döredildi. Ozal başda bu organ prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe döredildi, emma 2008-nji ýylda, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň Halk maslhaty däl-de, Ýaşulular maslahaty diýlip atlandyryldy we kanun çykarmak ygtyýarlyklarynyň ählisinden mahrum edildi.

Emma Halk maslahaty diýlip atlandyrylsyn ýa-da Ýaşulular maslahaty bolsun, tapawudy ýok, bu gurama hökümet tarapyndan halk içinde o diýen oňlanmaýan kararlary kabul etmek we kanunlaşdyrmak üçin ulanylyp gelindi. Onuň mejlislerinde o diýen aýdyň bolmadyk kanun proýektleri we reformalar hökümetiň däl-de, hamala il-günüň islegi hökmünde, halkyň adyndan öňe sürldi.

Mysal üçin, 2017-nji ýylda geçirilen Ýaşulular maslahatynda mugt gaz, elektrik togy we suw düzgünini ýaýratmak  barada karar kabul edildi. Geňeş agzalarynyň biri “Bagtyýarlyk we berkararlyk eýýamynda Türkmenistanyň halky gowy ýaşaýar, adamlaryň eli uzadan ýerine ýetýär we olar indi jemagat hojalygy töleglerini özleri hem töläp biler” diýdi.

Şeýle-de bu geňeş Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen täze görünşini tassyk etdi,  ýogsa onda prezidentlik möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldylyp, döwlet baştutanynyň wezipesine hödürlenilýän kandidatyň aňry ýaş çägi aýrylýardy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek; Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary döretmek, onuň düzümine üýtgetmeler girizmek; ählihalk sala salyşyklaryny geçirmek meselesini çözmek; Türkmenstanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk wekilleriniň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek ýurdy, syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky maksatnamalara garamak we tassyklamak; Türkmenistanyň döwlet serhedini we dolandyryş – çäk bölünişigini üýtgetmek; ýurtdaky ýagdaý hakynda, içeri we daşary syýasata degişli has möhüm meseleler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň habaryny diňlemek,Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň Ýokary Kazyýetiň we Baş prokuraturanyň işleri baradaky hasabatlary diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak degişlidir.

Halk Maslahatynyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşcylyk edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Türkmenistanda dogulan, ýaşy 55-den pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de döwlet häkimiýet we dolandyryşyň ýokary edarasynda abraýly işläp gelýän, Halk maslahatynyň agzasy bolan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalarynyň bellenen sanyndan üçden iki böleginiň açyk ses bermegi arkaly bäş ýyl möhlete saýlanylýar, ol Halk maslahatyna hasabat berýär.

 

02 Sentýabr 2018, 11:53
Teswirler