• Türkmenistanyň  Prezidenti ,TOPH geçirijisiniň gurluşygyny gözegçilikde saklamagy  tabşyrdy .

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH geçirijisiniň gurluşygyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna käýinç berdi

 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji sentýabrda geçiren hökümet maslahatynda TOPH geçirijisiniň gurluşygy meselesini gozgady. Döwlet baştutany TOPH geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylaryna birnäçe käýinç berdi.

Prezident nebit-gaz pudagynyň işindäki kemçilikler üçin, wise-premýer Myratgeldi Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini ýola goýmak boýunça gysga möhletde anyk çäreleri görmegi berk talap etdi diýip, TDH habar berýär.

Prezident wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýewe käýinç, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe berk käýinç yglan etdi.

TOPH gçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek, nebit-gaz pudagyna has hän maýa çekmek, bu pudagyň dolandyryş ulgamyny üýtgetmek barada döwlet baştutany 29-njy maýda, nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda hem gürrüň edipdi.

Owganystanda YD-nyň peýda bolandygy üçin Putin hem TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýär. Putiniň pikirine görä, ýagdaýy agyrlaşdyrýan we seresap bolmaga itekleýän element Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we eýýäm, “Talyban” bilen gapma-garşy durmaga başlamagy.

Türkmenistan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindisatan) gaz geçirijisiniň 2020-nji ýylda işe giriziljekdigini yglan etdi. Bu barada şu ýylyň 24-nji maýynda, “Awazada” geçen gaz kongresinde aýdyldy.

Gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen uçastogynyň gurluşygy 2018-nji ýylyň aýagyna tamam bolar.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik dörär.

 

 

 

08 Sentýabr 2018, 21:27
Teswirler