• Türkmenistan BMG-nyň rekomendasiýalarynyň bir toparyny inkär etdi

Türkmenistanyň häkimiýetleri BMG-nyň adam hukuklary boýunça işçi toparynyň 2018-nji ýylyň maýynda beren 191 rekomendasiýasynyň 19-syny yzyna gaýtardy. Bu barada adam hukuklary boýunça Ženewada 10-njy sentýabrdan 28-nji sentýabrda çenli aralykda geçirilýän 39-njy sessiýanyň maglumatlarynda aýdylýar diýip,Fergana saýty habar berýär.

Türkmenistan 98 rekomendasiýany kabul etdi, üç rekomendasiýa bada-bat yzyna gaýtaryldy, 90 rekomendasiýa seretmek üçin kabul edildi. Häkimiýetler seretmegiň jemleri boýunça ýene-de 16 rekomendasiýany yzyna gaýtardylar. Düşündiriş diňe käbir punktlar boýunça berildi.

Hususan-da, türkmen häkimiýetleri ýerli halklaryň zähmetini goramak hakyndaky halkara Konwensiaýany tassyklamakdan ýüz öwürdiler. Häkimiýetleriň düşündirmeklerine görä, BMG-nyň kesgitlemegine laýyklykda, ýerli halk häzirki halklaryň nesillerinden durýar. Olar bu ýere başga medeniýetleriň we etniki toparlaryň wekilleri gelip, özlerini tabyn edenlerinde we garaşly ýagdaýa salanlarynda ýurduň häzirki territoriýasynda ýaşaýardylar.

Häkimiýetleriň bellemeklerine görä, Türkmenistanda bu kesgitlemä laýyk gelýän halk ýok. Diýmek, bu konwensiýany tassyklamak maksadalaýyk däl.

Gomoseksual gatnaşyklary üçun jenaýat jogapkärçiligine çekmegi bes etmek we ähli görnüşdäki kemsitmeleriň gadagan edilmegi baradaky rekomendasiýalar hem “raýat jemgyýetiniň kemala gelen garaýyşlaryna garşy gelýär” diýlip, ret edildi.

Dini ynançlary boýunça harby gullukdan boýun gaçyrýan adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmegi bes etmek baradaky rekomendasiýa “Türkmenistany goramak – her bir raýatyň mukaddes borjy” diýen sebäp boýunça ret edildi.

Şeýle-de, häkimiýetler WIÇ barlagyndan mejbury geçirilmeginden ýüz öwrülmegi baradaky rekomendasiýany ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdylar, ýagny bu normalaryň kemsidiji däldigini we adam hukuklaryny bozmaýandygyny öňe sürdüler.

Dine ynanmak azatlygyny goramak, şeýle-de raýaty öz pikirini aýdany üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmegi bes etmek boýunça anyk çäreleriň görülmegi barada berlen rekomendasiýalar hem ret edildi, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň şeýle-de raýatlara pikir azatlygyny kepillendirýändigi aýdyldy.

Şeýle-de häkimiýetler senzurany gadagan etmek we KHBS azatlygyny üpjün etmek rekomendasiýalaryna hem ters reaksiýa bildirdiler, ýagny bularyň ählisiniň Konstitusiýada ýazylandygyny aýtdylar.

Mejbury zähmeti we çaga zähmetini gadagan etmek barada berlen rekomendasiýa bolsa, bularyň eýýäm, Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynda degişli derejelerde öz beýanyny tapandygyny aýtmak bilen inkär edildi.

Tussaglary, şol sanda Owadandepe türmesindäki bendileri doly üzňeleşdirme düzgüninde saklamakdan el çekmek, şeýle-de Aşgabatda jaýyndan göçürilip, zyýan çeken adamlara degişli kompensasiýalaryny bermek barada berlen rekomendasiýalar hem hiç bir düşündiriş bermezden inkär edilen geňeş-maslahatlaryň sanawyna girýär.

 

Tag

21 Sentýabr 2018, 10:34
Teswirler