• Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy: terrorçylary jezalandyrmaly

Ähwaz şäherinde Eýran ilatynyň bir toparynyň mozdur terrorçylarynyň elleri bilen şehit edilmekleriniň ajy we gynandyryjy hadysasy,ýene bir gaýtar Eýran milletiniň duşmanlarynyň gara ýürekli .we habysdyklaryny äşgär etdi

London bilen Riýaz tarapyndan hemaýat bolýan täkfiri we terrorçy Äl-Ähwaziýe topary,Ähwazda Eýranyň ýaragly güýçleriniň reže geçýän ýerleriniň ýanynda tomoşaçy ilata tarap ok atyp 25 adamyň şehit we 60 adamyň hem ýaragly bolmaklaryna sebäp boldy.Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamenei hezretleri ,bu terrorçylykly hüjümiň yzy bilen bir sargydy berip şol terrorçylykly hadysada şehit bolanlarynyň içeri maşgalalary bilen düýgydaşlyk bildirmeginden aýry,jogapkär organlar ,herne çalt jenaýatkärleri yzarlap olary ýurduň gudratly kazyýet düzgüniniň penjesine bermekde borçlydyrlar diýip nygtadylar.günäsiz zenanlara ,çagalara we ilata tarap ok ýagdyrýan bu gara ýürekli mozdurlar ,ýalan aldap hemişe adam hukukyna ýardam berýärs diýärler ,emma beýle däldir.bu terrorçylary kineli ýürekleri bilen Eýranyň ýaragly güýçleriniň harby sergisinde milli gudratyň görnüşe goýulmagyny görip bilmeýärler diýip Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamenei hezretleri ýaňky sargydynda nygtadylar.her bir terrorçylykly işlerden soňra zehinlere çekýän iň mohum sorag,onuň sebäpkärleriniň kim ýa-da kimler bolmagy baradadyr.şeksiz,Ähwazda bolan terrorçylykly hüjümiň aňyrsynda ,mundan ozal hem,Amerikaň hemişe täkfiri terrorçylara hemaýat berýän sebitiň bakna döwletleriniň birisiniň başlyklary bilen sazdaşlykly işleri etmeginiň yzy bilen meňzeş şerçiliklere goşan akymlardyrlar.bu terrorçy topar geçen ýylda hem nur ýolagçylarynyň bir kerwenine hüjüm edipdi.Eýran yslam respublikasynyň garaýşyndan,mozdur Äl-Ähwaziýe toparjygyň metbugat wekiliniň Londonda ýerleşen bir tele ýaýlym arkaly şol terrorçylykly hüjümiň jogapkärçylygyny yglan etmeklige rugsat tapmagy asla kabul ederli däldir.Amerika bilen Saud Arabystan,Sionist režimi bilen hemra sebitde,terrorçy toparlary döredip olara ýaşrynlykda we äşkärleýyn hemaýatlary berip,sebitdäki şum nagşalarynyň yzynda bolýandyrlar.bu 3 tarap Aziýanyň günbataryny terrorçylykly hüjümleriň sahnasyna öwrendirler. Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamenei hezretleriniň öz sargydynda aýdyşlary ýaly ,olaryň jenaýaty,sebitde Amerikaň el oturdylary bolýan döwletleriň Eýranda amansyzlyk döretmek uguryndaky hileleriniň dowamydyr .

 

Tag

25 Sentýabr 2018, 11:19
Teswirler