• Orsýet we Hytaýyň ýadro ylalaşykdan hemaýat etmegi

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp hemişe,ýadro ylalaşygy tankyt edip ony iň erbet ylalaşyk wasp edendir

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2015-njy ýylyň iýun aýynda Eýran bilen 5 +1 toparyň şol sanda Amerikanyň bu ylalaşykdan çykandygyny we 2018-njy ýylyň awgust aýy bilen noýabr  aýyndan iki tapgyrda Eýranyň ýaňadan sanksiýalara salynjakdygyny yglan etdi.emma Trampyň bu işi 4+1 topara agza ýurtlaryň tersin gaýtawullaryna we dürli tankytlaryna gabat geldi.4+1 toparyň günbatarly agzalary bolýan Germaniýa,Fransiýa,Britaniýa we Ýewropa Bileleşiginden aýry ,bu toparyň gündogarly agzalary bolýan Orsýet bilen Hytaý hem ýadro ylalaşygyň saklanmagynyň möhümdygyny we şu ýerlikde amal ýüzünde hereket edilmegini nygtandyrlar.şu ugurda Orsýetiň DIM-i Sergeý Lawrow soňky gülerde BMG-nyň maslahatynda beren gürrüňlerinde ,Moskwa ,ýadro ylalaşygyň saklamagy üçin gerekli bolýan her bir işi etjekdir diýdi.Lawrow Amerikanyň ýadro ylalaşykdan çykmagynyň bir taraplaýyn bolandygyny aýdyp,Orsýet BMG-nyň howpsuzlyk şurasy tarapyndan tassyklanan ylalaşyga hemaýat bermekligi Orsýetiň borjy bilýär. Eýran yslam jomhurlygy ýadro ylalaşykdaky borçlarynda doly tapylandyr.şonuň üçin Moskwa ,bu halkara ylalaşygy goramagy ugurynda bütin gudratyndan haýyrlanjakdyr diýdi.Hytaýyň hem şu ugurda Orsýete meňzeş garaýşy bardyr.Hytaýyň DIM-ynyň aýtnagyna görä , ýadro ylalaşyk ilki tapgyrda oňa gol çeken ýurtlaryň we soňraky tapgyryň ygtybaryny sorag astyna alýandyr.Ýewropa Bileleşiginiň ,ýadro ylalaşygyň goralmagy ugurynda yglan eden çözgüt ýollaryna şol sanda Amerikanyň sanksiýalar ýoluny baglaýan kanunlaryň ýerine ýetirilmeklerine şeýlede Amerikanyň 2-njy döwür sanksiýalarynyň wagty bolýan noýabr aýyň 4-ine çenli ýerine ýetiriljek taslamaň Eýrana yglan edilmegine üns berilmegi bilen ,Hytaý bilen Orsýet hem,ýadro ylalaşygyň goralmagy üçin Amerikaň Eýrana garşy sanksiýalarynyň tersin eserlerini azaltmak ugurynda garaşsyz çözgüt ýollaryň yzynda bolýandyrlar.şeýlelik bilen Eýran bilen bolan ýadro ylalaşygyň goralmagy ugurynda Ýewropalylaryň Eýran bilen ylalaşyklary diňe Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara has boljakdyr we Orsýet bilen Hytaý Amerikaň sanksiýalarynyň garşysynda öz kompaniýalaryny goralmaklary üçin Ýewropa Bileleşiginden aýry bolýan çäreleri görjekdirler.Hytaýyň DIM-i ýadro ylalaşygyň goralmagynda Hytaýyň borçly bolýandygyny nygtamagyndan aýry ,öz ýurdunyň Eýran bilen saklaýan ykdysady gatnaşyklaryny dowam etjekdigini aýtdy .

 

Tag

03 Oktýabr 2018, 10:16
Teswirler