• Täjik kompaniýasy Türkmenistandan sowa ýük getirmegiň alternatiw ýoluny tapandygyny aýdýar

Täjigistan Azerbaýjandan Täjik alýumin kompaniýasynyň hajatlary üçin Türkmenistandan sowa ýük getirmegiň alternatiw ýoluny tapdy diýip, Azerbaýjanyň Trend habar gullugy habar berýär.

 

Indi Azerbaýjanyň glinozemi (alýumin oksidi) Täjigistana Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden eltiler.

Ýatladýarys, Türkmenistan Türkiýeden, Azerbaýjandan we Eýrandan täjigistana tranzit ýüklerini alyp gelýän çýük maşynlaryny bir aýdan gowrak waglat, nämälim sebäplere görä, serhetden goýbermedi.oýbermedi.

Mundanam başga, Täjil alýumin kompaniýasy türkmenistanyň iberýän nebit koksyndan şikaýat etdi we Azerbaýjandan goşmaça çig mal çeşmelerini gözleýändigini aýtdy.

Täjigistanyň alýumin kompaniýasynyň döwlet unitar kärhanasy ýüklerini türkmen territoriýasyndan geçirip bilmeýär diýip, “Ozodi” radiosy 29-njy sentýabrda kompaniýadaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.   

GDA-nyň Ýolçular geňeşiniň hökümetara müdiriýetiniň ýolbaşçysy Buri Karimow radio bilen söhbetdeşlide golaýda Daşkentde Türkmenistanyň serhedinde ýük maşynlarynyň toplanmagy baradaky meseläniň maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Bu problema boýunça Täjigistanyň we Türkiýäniň wekilleri çykyp gürlediler. Türkmenistanyň häkimiýetleri  şondan kän wagt geçmänkä Täjigistana ýük alyp gelýän türk ýük maşynlarynyň serhetden geçmegine rugsat berdiler. Emma, täjik transport komapaniýalaryna degişli ýük maşynlary entegem serhet geçelgeleriniň aňyrsynda dur.

Häzir Täjigistanyň alýumin kompaniýasy alýumin öndürmekde zerur bolan materiallaryň importy we eksporty üçin alternatiw ýollary ýözleýär diýip, çeşme belledi. Häzir komapaniýa  alýumin jöwherlerini Azerbaýjanyň üsti bilen Kaspi deňzindäki gazak portlarynyň birini ulanyp, Täjigistana ibermek hakynda gepleşik geçirýär. Şeýle-de, bu kompaniýanyň Türkmenistandan nebit koksyny satyn alýandygy aýdylýar. Ýatladýarys, bu eýýäm Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikinji transport konflikti bolup durýar.  Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi sentýabrda Orsýetiň “Kommersant” neşiri bilen söhbetdeşlikde Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan (TOT) demirýol proýektiniň “gowy günlere çenli” soňa goýlandygyny avtdy. Bu gahar döretdi we Türkmenistanyň DIM-niň “düşünmezligine” sebäp boldy. Täjik tarapy biraz soň TOT taslamasyndan ýüz öwürmeýändigini, emma ony “ätýaç ýoly "hasaplaýandygny aýtdy.

 

 

Tag

06 Oktýabr 2018, 09:06
Teswirler